TÜRKMENISTANYŇ BAHAI JEMAGATY

Türkmenistanda Bahai Dininiň Taryhy

Türkmenistanda Bahai dini öz taryhyny XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Persiýadan Aşgabada göçüp gelen dindarlaryň wepaly toparyndan alyp gaýdýar. Ilkibaşda maşgalalaryň uly bolmadyk toparyna başgalar hem goşulyp, birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda dindarlaryň sany birnäçe muňe ýetdi. .Bu dindarlar özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny Allanyň Aýan edeni bolan Hezreti Bahaulla tarapyndan açylan belent ruhy we durmuşy ýörelgeleri şöhlelendirýän durmuş nusgasyny döretmäge gönükdirdiler…

Bahai Jemagaty şu gün

Türkmenistanda Bahai Dini ilkinji gezek geçen asyryň başynda ornaşyp başlady. Bu gün bütin ýurt boýunça adamlaryň artýan sany Hezreti Bahaullanyň Taglymatyndan ylham alýarlar we onuň ýolbaşçylygyna eýerýärler. Bu ýerde, Bahai jemgyýetiniň agzalary jemgyýetiň ösmegine we hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam bermek üçin özleriniň goňşulary we dostlary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Şäherlerde we obalarda, gelip çykyşy, synpy we ýaşy dürli-dürli bolan adamlar, ruhy, durmuşy we bilim ugurlary boýunça işiň dürli görnüşlerine gatnaşýarlar.

 

“Bahailar diňe şular ýаly pikirler bilen, ýagny öz resurslarynyň mümkinçiliklerine laýyklykda, hereketleriniň barha artýan sany, guramalaryň, toparlaryň we aýratyn şahslaryň gatnaşmagynda, jemgyýetiň özgermegine we birligi öňe sürmek işine gönükdirilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, adamzadyň abadabçylygyna ýardam bermek we bütindünýä raýdaşlygyna goşant goşmak bilen hyzmatdaşlyga goşulýarlar.”

Bütindünýä Adalat Öýi