TÜRKMENISTANDA BAHAI DININIŇ TARYHY

Türkmenistanda Bahai Dininiň Taryhy

Türkmenistanda Bahai dini öz taryhyny XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Persiýadan Aşgabada göçüp gelen dindarlaryň wepaly toparyndan alyp gaýdýar. Ilkibaşda maşgalalaryň uly bolmadyk toparyna başgalar hem goşulyp, birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda dindarlaryň sany birnäçe muňe ýetdi. Bu dindarlar özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny Allanyň Aýan edeni bolan Hezreti Bahaulla tarapyndan açylan belent ruhy we durmuşy ýörelgeleri şöhlelendirýän durmuş nusgasyny döretmäge gönükdirdiler. Bu maksatda birleşip, Aşgabadyň bahai jemagaty dostluk we wepalylyk duýgularynyň berkligi bilen tapawutlanýardy. Bu bolsa, oňa agzybirligiň we ösüşiň ýokary derejesini gazanmagyna eltip, hem-de munuň saýasynda bütin dünýäde bahailaryň arasynda at-abraýa eýe bolmagyna mümkinçilik berdi. Bu dindarlar Allanyň Taglymatyna akyl ýetirmek baradaky düşünjelerinden ugur alyp, olara berlen dini azatlygyň çäginde, jemgyýete gulluk edýän edaralaryny  öz daşynda jemleýän Maşrygül-Azkary – Sežde ediş Öýüni döretmek üçin janlaryny aýaman zähmet çekdiler. Hezreti Bahaullanuň hut özüniň makullamagy bilen olar şäheriň merkezinde ýerleşişi amatly bolan  ýer bölegini edinip, ol ýerde Sežde ediş Öýüni hem-de beýleki jaýlar bilen bir hatarda, mejlisler jaýyny, çagalar üçin mekdebi, gelen myhmanlar üçin kerwensaraýy we uly bolmadyk kesel bejeriş jaýyny gurdular.    

 Şol döwrüň rowaçly ýyllarynda, Aşgabadyň bahailarynyň abadançylykda, rehimdarlykda, akyl ýetiriş ukyplylygynda we medeniýetlilikde gazanan üstünlikleri olaryň şöhratyny göterdi. Emma, sowatsyzlygyň ylaýta-da gyzlaryň arasynda höküm sürýän jemgyýetinde bahailar tarapyndan çagalaryň we ýaşlaryň sowat öwrenmegine üns bermekleri olaryň iň uly üstünligi boldy. Jebis başlangyçlaryň we ösüşiň barşynda, Hezreti Abdul-Bahanyň ösüşiň her tapgyryndaky yzygider höweslendirmesi bilen, beýik Sežde ediş Öýi – bu ýerli çäkde iň bir ähmiýetli bolan bina  galdyryldy. 

 Ýigrimi ýyldan-da gowrak wagt aralygynda dindarlar öz beýik maksadyny amala aşyryp, täsin şatlygy başyndan geçirdiler: olar öz gündelik işlerine başlamazdan ozal mukaddeslige ýakynlaşyp, ümsümlikde doga okamak üçin ir säherde adamlaryň ruhy taýdan ýygnanyşýan ýerine we jemgyýetçilik durmuşynyň merkezine öwrülen sežde ediş merkezini dikeltdiler. Iň soňunda bu sebiti ateizmiň güýçleri eýeledi we ähli umytlary puja çykardy. Emma muňa garamazdan, gysga döwrüň dowamynda bolsa-da, Aşgabatda Maşrygül-Azkaryň döremegi, Allanyň Sözüniň güýjünden ylham alan ýaşaýşyň nusgasyny döredip, adamlaryň toparynyň nähili üstünlikleri gazanyp bilýändigini subut etdi.