TAGZYM ETMEK WE GULLUK ETMEK

Maşrygül-Azkar: tagzym etmegiň we gulluk etmegiň bitewiligi

Tagzym etmekligiň we gulluk etmekligiň aýrylmazlygy – bu, hut Hezreti Bahaullanyň ýazgyt eden Maşrygül-Azkar (“Allanyň tarypynyň dogýan ýeri” – diýlip terjime edilýär) institutynda jemlenip,   bahailaryň jemagatdaky durmuşynyň baş ýörelgesidir.

Tagzym etmek

Aslynda, tagzym etmek, doga bilen baglanşyklydyr. Bahai ýazgylarynda doganyň dürli aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Häzirki ajaýyp döwüriň Iki Resuly – Hezreti Bahaullanyň we Hezreti Babyň öwredişi ýaly, doga munuň özi, ruhyň öz Ýaradyjysy bilen gönümel we töwellaçysyz bolan wajyp, ruhy gürrüňdeşligidir. Bu ruhyň ýaşaýşyny goldaýan ruhy iýmitdir. Ol, säher çygy kimin, kalba täzelik getirýär we ony diňe özüňi bilmekligiň ezber baglylygyndan azat edip päkleýär. Bu perdeleri ýakýan alaw we Gudraty güýçli bilen birleşme ummanyna eltýän  nurdyr. Ruh doganyň ganatlarynda Allanyň arşyna göterilýär we ylahy hakykata golaýlaşýar. Ruhyň çäksiz ukyplarynyň ösmegi we Allanyň peşgeşleriniň inmegi doganyň aýratynlygyna baglydyr, emma doganyň uzaga çekmegi gerekli däldir. Haçanda, doganyň ýaşyryn güýçleri hiç bir gorkusyz ýa-da tarapgöýsiz, şeýle hem ters düşünjelerden we ikiýüzlülikden azat bolan Alla tarap gönükdirilen söýgi doga okamaga meýil dörende, doganyň ýaşyryn güýçleri açylyp ýüze çykýar. Pikir ediş ukybynyň doganyň täsiri bilen ýagtylanmagy üçin, ony açyk we arassa ýürek bilen okamaly. Şeýle doga sözleriň çäkliliginden geçer we sada bir sesleriň çäginden uzaga çykar. Onuň lezzetli heňleri begendirmeli we kalplary götermeli hem-de Allanyň ruhlandyryjy Sözini beýgeldip, zemin höwesleriniň arş häsiýetlerine öwürmeli we adamzada jan aýaman gulluk etmäge ylham bermeli.

Doga – her bir şahsyň,  jemagatyň ýa-da institutyň derejesinde bahai durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bahailar güniň dowamynda birnäçe gezek öz dogalarynda kalplary bilen Alla ýüzlenip, Ondan kömek dileýärler, özleriniň eziz adamlaryny goramagyny soraýarlar, ähli adamzat üçin dileg edýärler, Allany taryplap, Oňa  alkyş aýdýarlar hem-de Ylahy goldawy we ýolbaşçylygy dileýärler. Mundan başga-da, maslahatlara bagyşlanan ýygnanyşyklar we dostlaryň bilelikde başyny başlaýan islendik taslamalara bagyşlanan duşuşyklary adatça dogalar bilen başlanýar we tamamlanýar.

Şeýle hem, bahailar öz dostlary bilen duşuşyklary geçirip, jebislikde doga okamaga jemlenýärler. Şunuň ýaly doga duşuşyklary oňa gatnaşyjylarda ruhy taýdan duýgurlygy oýarmaga ýardam berýär. Şeýle hem, olaryň edil gulluk etmek bilen bagly alyp barýan işleri ýaly, ruhy we maddy taýdan gülläp ösmeklige gönükdirilen we tagzym etmek ruhynda ýaşaýan jemagatyň durmuşynyň nusgasyny döretmäge ýardam berýär.

Gulluk etmek

Tagzym etmek, adamyň içki dünýäsi üçin möhüm bolup, ruhy ösüş üçin bolsa,  juda derwaýysdyr. Şonuň bilen birlikde, tagzym etmeklik şu içki özgerişi şöhlelendirýän hereketlerde aýan edilmäge eltmelidir.

“Maşrygül-Azkaryň kömekçi edaralarynyň töwereginde jemlenen durmuşy, gumanitar, bilim we ylmy işlerden üzňelikde, bahailaryň tagzym etmegi — niýeti boýunça näçe beýik we  hyjuwy boýunça näçe güýçli bolsa-da, hiç wagt terkidünýä adamlaryň syn etmesi ýa-da passiw dindaryň çokunmasy netijesinde alnan ujypsyz we köplenç az wagtlyk bolan netijeleriň çäginden çykyp bilmez. Ol, tä Maşrygül-Azkaryň kömekçi edaralarynyň iň ýokary aýratynlygy bolup durýan, adamzada hyjuwly we ak göwünli gulluk etmeklige öwrülýänçä,  ne tagzym edýän adama, ne-de bütin adamzada uzak wagtlyk kanagatlanma we peýda getirip bilmez.

— Şogi Effendi

Tagzym etmekligiň we gulluk etmekligiň aýrylmazlygy – bu, hut Hezreti Bahaullanyň ýazgyt eden Maşrygül-Azkar (“Allanyň tarypynyň dogýan ýeri” – diýlip terjime edilýär) institutynda jemlenip,   bahailaryň jemagatdaky durmuşynyň baş ýörelgesidir. Bu gurluş, geografik çäkde  tagzym etmegi özünde  jemleýän merkezi binadan hem-de bilim bermek, saglygy goramak we jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşi bilen bagly beýleki hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen kömekçi edaralardan ybaratdyr.

Häzirki wagtda dünýäde birnäçe Maşrygül Azkar bar. (surata salgylanma) Şeýlelikde, sany gün-günden artýan jemagatlarda olaryň geljekde dikeldilmegi üçin şertler döredilýär hem-de geljekde her-bir mesgen bu binanyň oňaýly täsiri astynda bolar.

Proses doga üçin şahsy we köpçülikleýin giňişlikleri açmaga gönükdirilen sada tagallalardan başlanýar. Soňra işleriň ösýän nusgasyna gulluk etmek işleri goşulýar. Şeýlelikde, jemagatçylyk durmuşynyň  jähtlerini tagzym etmek ruhy bilen has berk ýagdaýda ylhamlandyrmak mümkin bolýar. Fiziki gurluşyň indiki ýola goýulyşy Hezreti Bahaullanyň Sežde ediş Öýleri dogrusyndaky garaýşynyň amala aşmagyn da ýene bir wajyp tapgyry alamatlandyrýar.

Maşrygül Azkaryň fiziki gurluşy merkezi binadan – Sežde ediş Öýünden – we birnäçe kömekçi edaralardan ybaratdyr. Maşrygül-Azkar geografik çäkde  tagzym etmegi özünde  jemleýän merkezi bina bolsa-da, onuň maksady diňe doga üçin ýer bolup hyzmat etmek däldir. Hezreti Abdul-Baha bilim,  saglygy goraýyş we başga çygyrlarda gulluk etmek bilen, onuň jemagatyň durmuş-ykdysady ösüşine hem ýardam berýändigini, şol sanda mätäçlere pena, rahatlanma we kömek berýändigini düşündirýärdi. Şonuň bilen birlikde, Hezreti Abdul-Baha hassahana, mekdep, uniwersitet, medisina kömegi boýunça merkez, kerwensaraý ýaly kömekçi edaralaryň kem-kemden Sežde ediş Öýüne goşuljakdygyny öňünden gördi.

“Hemmäňiz doly razylykda hem-de şatlykda jemleniň we merhemetli Taňrynyň aýan eden aýatlaryny aýdyň. Eger-de muňa eýerseňiz, içki nazaryňyzyň garşysynda hak bilimiň gapylary serpiler, siziň ruhuňyzy gözýetimsiz ynam berkider, ýürekleriňiz bolsa nurly şatlyga dolar ”.  Hezreti Bahaulla

 

Ybadat etmek — bu dini ýaşaýyşyň bölünmez bölegidir. Olaryň kömegi arkaly aýratyn adamlar we tutuş jemgyýetler, Hudaý bilen adamzat arasyndaky bar bolan aýratyn baglanşygy yzyny üzmän bekedip bilýarler.Bu baglanyşyk jemgyýetiň saklanýan gatnaşyklaryny ömür bilen doldurýar; bu adamlar arasyndaky gatnaşyk, şeýle hem jemgyýetiň dürli elementleriniň we onuň institutlarynyň arasyndaky gatnaşykdyr.

“Hak ynam — bu diňe bir Hudaýyň ýeke-täkligini ykrar etmek bolman, eýsem-de bu ähli kämillikleriň we asylzada häsiýetleriň ýüze çykýan ömrüdir…”   Hezreti Abdul-Baha