TAGLYMATYŇ KÄBIR ÝÖRELGELERI

Adamzadyň bir bitewidigi baradaky ýörelge – bu “töwereginde Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň ýörelgeleri jemlenen merkezdir…”

Bitewi adamzat maşgalasy

Biziň hemmämiziň bir umumy adamzat maşgalasyna degişlidigimiz baradaky düşünje Bahai dininiň özenidir. Adamzadyň bir bitewidigi baradaky ýörelge – bu “töwereginde Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň ýörelgeleri jemlenen merkezdir…” 

 Hezreti Bahaulla adamlaryň dünýäsini adamyň bedeni bilen deňeşdirýär. Bu bedende görnüşi we ýerine ýetirýän wezipesi boýunça dürli-dürli bolan millionlarça öýjükleriň her biri sagdyn ulgamy saklamakda öz işini ýerine ýetirýärler. Bedeniň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän ýörelge – hyzmatdaşlykdyr. Bediniň dürli bölekleri zerur bolan serişdeler ugrunda bäsleşmän, eýsem öýjükleriň her biri başdan-aýak bermekden we almakdan ybarat bolan üznüksiz prosese gatnaşýarlar.

Adamzadyň agzybirligini ykrar etmek üçin, ters düşünjeleri ýagny, teniň reňki, dini we jynsy tapawutlyklar bilen bagly bolan pikirleri dolulygyna aradan aýyrmak zerurdyr.

 “Adamzat üçin esasy bolup durýan hakyky doganlyk gatnaşyklary gazanmak mümkindir; çünki, ähli — adamlar ýeke täk Allanyň bendeleri we olaryň ählisi  bir diniň keramatynyň goragynda bolup, bir maşgala degişlidirler”.  – Hezreti Abdul-Baha

 Aýallar we erkekler deň hukuklydyrlar.

“Aýallar we erkekler Allanyň nazarynda elmydama deňdiler we deň bolarlar”, — diýip, Hezreti Bahaulla sargaýar.

Ähli gatnaşyklar babatda aýallaryň we erkekleriň arasynda deň hukuklylygy gazanmak – bir bütewi dünýäni gurmagyň wajyp şertleriniň biridir. Jynsy meseler bilen bagly bolan ters düşünjeler aýallar babatda adalatsyzlygyň müdimileşmegine getirýär we erkeklerde bolan zyýanly endikleriň we adatlaryň ilki maşgalada döräp, soňra hünär işinde, ykdysady hem-de syýasy durmuşda we netijede halkara gatnaşyklarda ornaşmagyna getirýär. Deň hukuklylygyň şeýle derejede inkär edilmeginiň özüniň düýp manysynda hiç hili ahlak, tejribe ýa-da biologiki esasy ýokdur.

 “Adamzat dünýäsi iki sany ganatda gaýýar: bir ganaty- aýallar, beýleki ganaty – erkekler, diýip Hezreti Abdul-Baha belläp geçýär. – Eger-de, ganatlaryň ikisi hem deň derejede güýçli bolmasa, guş uçup bilmez”.

 Ählumumy bilim

Öz Taglymatynda Hezreti Bahaullanyň aýratyn belläp geçýän ýörelgeleriniň biri – bu ählumumy bilimdir.  Bilimiň ösmegi biziň döwrümiziň iň bir gaýragoýulmasyz talaby bolup durýar. Bilimi özüniň esasy aladasyna öwürmese, milletleriň hiç biri maddy gülläp ösüşi gazanyp bilmez. Adamlaryň pese düşmeginiň esasy sebäbi, olaryň nadanlygyndadyr. Bilim döwlete we onuň adamlaryna sylag-hormaty, maddy-hal ýagdaýyň gowulanmagyny, garaşsyzlygy we erkinligi berýär. Bilimiň maksady – adamyň jemgyýetiň özgermegine goşant goşmagy üçin, onuň  ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr.   

“Adama gymmat bahaly daşlaryň gory hökmünde garaň. Diňe bilim bu hazynalary ýüze çykaryp biler we olary adamzadyň haýryna peýdalanmaga gönükdirip biler”. (Hezreti Bahaullanyň Ýazgylary, Lauh-i-Maksud)

Ylymyň we diniň ylalaşygy

Ylymyň we diniň ylalaşygy – Bahai Dininiň esasyny düzýän ýörelgeleriň biri bolup, ylymy inkär edýän diniň gysga wagtda ters düşünjä we fanatizme, dini inkär edýän  ylymyň  bolsa, aýylganç materializmiň guralyna öwrülýändigini nygtaýar.  

“Din ylahy hakykatyň daşky ýüze çykmasydyr. Şol sebäpden, onuň ýaşamagy, özgermegi we yzygiderli hereketde hem ösüşde bolmagy gerek”. “Ylym Alladan ynsana inen peşgeşleriň ilkinjisidir. Ýaradylanlaryň ählisi maddy kämilligiň mümkinçiliklerini özünde jemleýär, emma akyl bilen aňlaýyş we ylym bilen göz ýetiriş güýji ýeke ynsana mahsus bolan iň beýik ahlakdyr. Beýleki jandarlar we ýaşaýşyň  görnüşleri bu mümkinçilikden  we ukypdan  mahrumdyr”.

“Eý, Zeminiň biri-biri bilen duşmançylykda ýaşaýan halklary we tire-taýpalary! Ýüzleriňizi birlige tarap öwüriň we goý, onuň nurunyň ýalkymy sizi ýagtylandyrsyn”. “Bir eliň barmaklary, bir bedeniň agzalary kimin boluň”. “Siziň Rebbiňiz bolan Ol, Her zada Merhemetli, bütin adamzady bir jan we bir ten kimin görmek islegini ýüreginde besleýär”.

Hezreti Bahaulla