ШОГИ ЭФФЕНДИ

(1897–1957)

Şogi Effendi Bahai Dininiň Goraýjysy

Öz Aýan eden Taglymatynyň öňünde goýlan maksadyna ýetmegini kepillendirmek üçin, — birleşen dünýäni döretmek, şeýle hem Bahai jemagatynyň agzybirligini goramak üçin, Hezreti Bahaulla öz Uly ogly Hezreti Abdul-Bahany Wesýetiň Merkezi hökmünde belledi we Bütindünýä Adalat Öýüniň esaslandyrylmagyny buýurdy. Öz gezeginde, Hezreti Abdul-Baha Bütindünýä Adalat Öýüniň işiniň ýörelgelerini kesgitledi hem-de özünden soňra, Bahailaryň Onuň ýüzlenmelidiklerini buýrup, ony Bahai Dininiň Goraýjysy diýip atlandyrdy.

 Bütindünýä Adalat Öýüne hem-de Goraýja Bahai dininiň ýörelgelerini ýaýratmak, onuň kanunlaryny güýje girizmek, onuň institutlaryny  goramak hem-de ony hemişe kämilleşýän jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda ulanmak tabşyryldy.

 Şogi Effendi 36 ýylyň dowamynda üýtgeşik öňdengörüjilik, parasatlylyk we wepalylyk bilen, Bahai jemagatynyň ösmegine yzygiderli ýardam berdi, onuň düşünjesini çuňlaşdyrdy we onuň agzybirligini berkitdi.  Şeýlelikde, Bahai jemagaty, adamzat nesliniň köpdürliligini görkezip,  ýuwaş-ýuwaşdan ulaldy.

 Şogi Effendiniň ýolbaşçylygynda jemagatyň  işlerini dolandyrmakda Hezreti Bahaullanyň göz öňünde tutan ýeke-täk ulgamy, bütin dünýä boýunça güýçli depginde ýaýrap, giň gerime eýe boldy. Şogi Effendi Mukaddes Bahai Ýazgylaryny iňlis diline terjime etdi, Keramatly Ýerde ýerleşýän Diniň ruhy we dolandyryş merkezini abadanlaşdyrdy hem-de özüniň müňlerçe hatlarynda adamzadyň ymtylýan haýran ediji gelejege bolan gözýetimini aýan edip, siwilizasiýanyň ruhy we durmuşy özgertmeleriniň rowaçlygy babatda düýpli akyl ýetirmeleri açyp görkezdi.

Hemmeler onuň üstünlikleriniň giň gerimine we baştutanlyk häsiýetlerine, ýagny adaty adamlaryň uly bolmadyk toparynda, olaryň hat-da pikir etmeýän güýçlerini we ukyplaryny oýarýan baştutanlygyna haýran galýardylar…      — Dewid Hofman (David Hofman), ýazyjy we radio žurnalisti.