DINIŇ ASYL MAKSADY

“Hudaý adamlara öz Resullaryny iki niýet bilen iberýär. Birinjiden– adamzat perzentlerini nadanlygyň tümlüginden azat etmek hem-de olary hakyky akyl ýetirişiň  ýagtylygyna gönükdirmek. Ikinjiden bolsa, adamzat üçin parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge we dikeltmäge ähli serişdeleri bermek.” – Hezreti Bahaulla

“Allanyň kanunlaryna we parzlaryna şular degişlidir: dünýäniň ösüşi, milletleriň kämilleşmegi, halklaryň asudalygy we ýer-ýüzüniň ähli ýaşaýjylarynyň parahatçylygy. Din adama peşgeşleriň iň gymmatlysyny berýär, gülläp ösüş käsesinden eçilýär, baky ömri sowgat berýär we adamzada ebedi keremini saçýar.”  – Hezreti Bahaulla.

“Bu Gün Hudaýa we Onuň Dinine bolan Ynamyň özeni – ýer ýüzüniň dürli jemgyýetleriniň we köpsanly dini taglymatlarynyň  adamlaryň arasynda, hat-da sähelçe-de duşmançylyk duýgularynyň döremegine sebäp bolmazlygyndan  ybaratdyr.”  – Hezreti Bahaulla.

“Haçanda Ýeke-täk hakyky Hudaý, goý, Onuň şan-şöhraty beýgelsin, Özüni ynsanlara aýan edende, Onuň maksady – olaryň asyl we pynhan esasynyň jümmüşinde ýaşyryn gymmat bahaly daşlary açyp ýüze çykarmakdyr.” – Hezreti Bahaulla.