BAHAI KITAPHANASY

Bu özgeriş döwründe Bahai älemine öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin üç gahrymanyň her biriniň tebigatyny jikme-jik öwrenmegi(derňemek) gerek. Adamzat jynsynyň ykbalynda şeýle wajyp roly oýnamaly ol aýratyn dindaryň, ol jemgyýetiň we ol institutyň häsiýetleriniň aýratynlyklary nähilikä? Diniň düzümine toparlaýyn gelýän prosesi öňe iterlemek üçin olar özlerinde nähili ukyplary ösdürmeli? Haýsy häsiýetler olara öz tagallaryny täze siwilizasiýany gurmaga gönükdirmäge mümkinçilik berip biler? Biziň aýratyn dindara, jemgyýete ýa-da instituta olaryň bu günki ýagdaýyna görä seretmeli däldigimiz mese-mälim görnüp duran zat; has dogrusy biz öz nähili bolmalydygymyzyň beýanyny, Hezreti Bahaullanyň Taglymatynda gözlemelidiris.