JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

MADDY WE RUHY SIWILIZASIÝANYŇ ÖŇE GITMEGI UGRUNDA  BEÝLEKILER BILEN BILELIKDE IŞ ALYP BARMAK

Bahaulla Öz tarapdarlaryna şeýle sargyt etdi: “Ýaşaýan asyryňyzda bu asyryň hajatlary barada tüýs ýürekden  alada ediň, goý, bu asyryň talaplary we islegleri siziň pikir alyşmalaryňyzyň esasy mazmuny bolsun.”

Şonuň üçin, bahailar tutuş dünýä ýüzünde, maddy we ruhy siwilizasiýanyň öňe gitmegine goşant goşmak üçin,  şahsy we köpçülikeýin ýagdaýda, ilatyň dürli toparlary bilen egin-egne berip işleşip,  jemagatyň durmuşyna gatnaşmaga çalyşýarlar.

Sosial hereket we pikir alyşma (diskurs)

Bu ýerde başlangyçlaryň biri-biriniň üstüni ýetirýän iki çygryna seredilýär. Sosial hereket, köplenç ýerli derejede etmäge girişilýän işleriň gerimini öz içine alýar. Onuň wezipesi – giň jemgyýetiň maddy we durmuşy hal-ýagdaýyny gazanmaklyga goşant goşmak. Bahailaryň jemgyýetiň pikir alyşmalaryna gatnaşmak arkaly, jemgyýetçilik abadançylygyna pikir derejesinde ýardam bermek ugrundaky tagallalary munuň bilen berk baglanyşykly. Bahai jemagatynyň aýratyn agzalarynyň arasynda bu adatça, dürli durmuşy giňişliklerde, Bahai taglymaty bilen hyjuwlanan pikirleriň çalşygyny göz öňünde tutýar. Milli Ruhy Ýygnaklar bahailaryň durmuşy ösüşiň dürli jähtlerinde jemlenen pikir alyşmalara öz goşantlaryny goşmaga gönükdirilen tagallalaryny sazlaşdyrýarlar.  Halkara arenasynda bolsa, Halkara bahai bileleşigi aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy we durnukly ösüş ýaly meselelere degip geçýän dürli global ulgamlara gatnaşýar.