JEMAGATYŇ GURLUŞY

 

“Bu administratiw düzgüniň esasynda durýan wajyp daş – Allanyň şu gün adamzat üçin  berk Wezipesidir. Onuň özüniň ylham alýan çeşmesi, hut Hezreti Bahaullanyň Özünden başga hiç kes däldir.”    – Şogi Effendi

 

Bilelikde hyzmat etmek ýoly bilen ýöremek

Bahaýy Taglymatynda  şahsy we jemgyýetçilik taýdan özgermek esasy orny eýeleýär. Bahaýylar öz dostlary we goňşulary bilen Hezreti Bahaullanyň Taglymatyny bilelikde öwrenmek bilen, jemgyýeti kämilleşdirmek üçin bilimlerini, ruhy nukdaýnazarlaryny we başarnyklaryny ösdürmäge çalyşýarlar. Bu ösüş şahsy goňşulyklardan we jemagatlardan başlanýar.

Häzirki wagtda şeýle köpçülikleýin öwrenme okuw ýygnanyşygy görnüşine eýe bolýar. Bu bütin dünýäde bahaýy jemagatlarynyň ýerli derejede amala aşyrýan özara öwrenmek prosesidir. Bu okuwlar adamlaryň pikirlerine we ynançlaryna garamazdan, hemmeler üçin açykdyr.

Bahaýylaryň okuw ýygnanyşyklary, aslyýetinde, gatnaşyjylaryň ählisiniň özara gatnaşygyny göz öňünde tutýar; topara alyp baryjy kömek edýär; alyp baryjynyň  roly — ýöne ara alyp maslahatlaşma ýardam  bermekdir. Okuw ýygnanyşygynyň beýgeldiji we ählumumy gatnaşyga ýardam beriji ýagdaýda geçirilmegi, öwrenme üçin oňaýly giňişligi üpjün edýär.

Gatnaşyjylar dürli ruhy temalara degişli düşünjeleri ara alyp maslahatlaşýarlar hem-de her bir adamyň, jemagatyň we jemgyýetiň derejesinde, öz gündelik durmuşynda olary ulanmagyň mümkinçiligine garaýarlar. Okuw ýygnanyşyklary adamy jemagaty gurmagyň – çagalar we ýetginjekler  üçin maksatnamalary geçirmek  hem-de agzybirligiň we adalatyň şanyna jemgyýete gulluk etmek – ýaly dürli çygyrlaryna gatnaşmaga taýýarlaýar.

Şeýle tejribe adama okuw ýygnanyşygynyň gatnaşyjylarynyň başga topary üçin alyp baryjy bolmaga ýardam berýän başarnyklary hem ösdürýär. Okuw ýygnanyşygynyň gatnaşşyjylary durmuşyň maksadyna we manysyna täzeçe düşünýärler, maşgalalarynda we dostlarynyň arasyndaky gatnaşygyň gowulanýandygyny duýýarlar we her biriniň jemgyýete goşup biljek goşandyna düýpli aň ýetirýärler.

 

 

“Bu gün Onuň Özüniň döreden adminstratiw institutlarynyň göwresinde kemala gelýän ,Täze Dünýä Düzgüniniň gurluşynyň hut özi, dünýä ýüzünde dostlukly hyzmatdaşlygyň modeli we ýadrosy bolup hyzmat eder, dünýä ýüzüniň ähli halklary we döwletleri oňa ýetmek üçin şübhesiz , yza gaýtman öňe hereket edýärler”.

Şogi Effendi

Çagalaryň we ýaşlaryň başarnyklaryny ösdürmek

Çagalyk we ýetginjeklik döwri – bu, adamyň ömründe aýratyn bir döwür. Bu döwürde onuň ahlak häsiýetiniň esaslary kemala gelýär. Bahailar çaga ýaşynda ahlak ösüşine gönükdirilen bilimiň, ynsan bagtynda esasy ähmiýete eýedigine ynanýarlar. Şonuň üçin, bilimiň maksady, bu – çagalarda we ýaşlarda zehinleri we ukyplary ösdürip ýetişdirmek hem-de olarda hakyky hyzmatdaşlygy we sosial jogapkärçiligi kämilleşdirmäge ýardam bermekdir.  

Çagalaryň we ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan bilimi, olarda Allatagala we dünýäniň ähli beýik dinlerini Esaslandyryjylara bolan söýgini ruhlandyrmaga, şeýle hem ýaşaýşyň maddy, intellektual we ruhy ugurlarynda çagalaryň kämillige ýetmegi üçin ahlak baýlyklarynyň  berk ulgamyny esaslandyrmaga gönükdirilendir.

Ýaşlara berk maksat duýgusyny ösdürmekde ýardam berilýär, bu bolsa olary şahsy özgerişe ylhamlandyrýar hem-de olary jemgyýetiň öňe gitmegine goşant goşmaga gönükdirýär. Bahailaryň ynanmagyna görä, ýaşlaryň ruhy-ahlak ukyplary olaryň  bagtynyň we abadançylygynyň esasy bolup, jemgyýetiň durmuş taýdan özgermeginiň çeşmesidir Bu okuwlar ähli çagalar we ýaşlar üçin açykdyr we köplenç maşgalalar bilen bilelikde geçirilýär.