HEZRETI BAHAULLA

 

(1817–1892)

 

Hezreti Bahaulla — Ylahy Halypa

Adamzat taryhynyň dowamynda beýik Dinler adamçylyk häsiýetlerini terbiýelemekde we bu Dinleriň yzyna eýerijilerinde şahsy tertip-düzgüni, wepalylygy, gahrymançylygy ýüze çykarmakda esasy hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýärdiler. Diniň köp sanly ahlak ýörelgeleri, özüňi alyp barmagyň tertibiniň we ülňisiniň esasyny düzip, olar adamlaryň özara gatnaşyklarynyň beýgelmegine we adamzadyň köpçülikleýin durmuşyny öňe itermäge ýardam berdiler.

 Her gezek Allanyň Aýan edenleri dünýä gelende, adamzadyň oýanmagynyň we ösmeginiň indiki döwri üçin zerur bolan  has ýokary derejedäki ylham ýer ýüzine saçylýar. Daşyndan göräýmäge ýönekeý adam Allanyň jarçysy bolýar. Şu ýerde, Ýanmaýan Agajyň öňünde duran Musa Pygamberi; Bodhanyň Agajynyň aşagynda aýanlygy kabul eden Buddany; Isa Pygambere kepderi görnüşinde ýokardan inen Gudratly Ruhy ýa-da Muhammet Pygamberiň öňünde peýda bolan Ybraýym perişdäni ýatlamak bolar.

 XIX asyryň ortasynda Alla Hezreti Bahaullany adamzada Täze Täsin Habary aýan etmek üçin çagyrdy. Hezreti Bahaullanyň ady  “Allanyň Şöhraty” diýmegi aňladýar. Dört onýyllygyň dowamynda Onuň galamyndan müňlerçe ýazgylar ýüzlenmeler we kitaplar indi. Öz Ýazgylarynda Ol adamzat durmuşynyň hem ruhy, hem maddy jähtleri nazara alnan bütindünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň umumy ulgamyny beýan etdi.

 Men hiç wagt dünýä hökümdarlygyna  ymtylmadym. Meniň ýeke-täk maksadym – Maňa Allatagala tarapyndan höküm edilenleri adamlara guwşurmakdyr…   — Hezreti Bahaulla

 Hezreti Bahaulla adamzada döwri boýunça Allanyň Ýüzlenmesiniň iň soňkysyny getirdi. Onuň hatyrasyna Hezreti Bahaulla 40 ýylyň dowamynda bendiligi, jebir-jepany we sürgüni başyndan geçirmeli boldy. Häzirki döwürde Onuň durmuşy we beýik wezipesi ýer şarynyň ýüzinde has uly şöhrata eýe bolýar. Millionlarça adamlar dünýäni gowulandyrmak üçin özüniň şahsy we köpçülikleýin durmuşynda Onuň taglymatyny ulanmagy öwrenýär.

 Hezreti Bahaullanyň Taglymaty …. häzirki günde bize dini taglymatyň  iň beýik we iň arassa görnüşini peşgeş berýär….. — Graf Lew Tolstoý, rus ýazyjysy