HEZRETI BAHAULLA WE ONUŇ WESÝETI

Hezreti Bab (1819–1850)

Hezreti Bab Bahai Dininiň Öňünden Aýdyjysy bolup durýar. XIX asyryň ortasynda, Ol adamzat durmuşyny özgertmek ýazgyt edilen taglymaty getirendigini jar edýär. Onuň wezipesi Özünden beýik bolan, parahatçylyk we adalatlylyk eýýamynyň başyny başlajak – Allanyň Ikinji Wekiliniň gelmegi üçin ýol taýýarlamakdan ybarat bolup durýardy.

Hezreti Bahaulla (1817–1892)

Hezreti Bahaulla – “Allanyň Şöhraty” – Hezreti Bab we geçmişiň ähli Ylahy Resullary tarapyndan geljegi öňünden aýdylan Allanyň Aýan Edenidir. Hezreti Bahaulla adamzada Alladan täze Tasin Habary getirdi. Onuň galamyndan müňlerçe ýazgylar ýüzlenmeler we kitaplar indi. Öz Ýazgylarynda Ol adamzat durmuşynyň hem ruhy, hem maddy jähtleri nazara alnan bütindünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň umumy ulgamyny beýan etdi. Onuň hatyrasyna Hezreti Bahaulla 40 ýylyň dowamynda bendiligi, jebir-jepany we sürgüni başyndan geçirmeli boldy.

Hezreti Abdul-Baha (1844–1921)

Hezreti Bahaulla Öz Wesýetinde uly ogly Hezreti Abdul-Bahany Öz Taglymatynyň doly ygtyýarly düşündirijisi we Diniň Baştutany hökmünde belledi. Gündogardan günbatara Hezreti Abdul-Baha parahatçylygyň Ilçisi, hemmelere görelde bolup hyzmat edýän hem-de täze Dine baştutanlyk edýän adam  hökmünde meşhurlyk gazandy.  

Şogi Effendi (1897-1957)

Hezreti Abdul-Baha Özüniň uly agtygy  Şogi Effendini Bahai Dininiň Goraýjysy diýip belledi. Şogi Effendi 36 ýylyň dowamynda Bahai jemagatynyň ösmegine yzygiderli ýardam  berdi, onuň düşünjesini çuňlaşdyrdy we onuň agzybirligini berkitdi. Şeýlelikde, Bahai jemagaty, adamzat nesliniň köpdürliligini görkezip,  ýuwaş-ýuwaşdan ulaldy.

 

Bütindünýä Adalat Öýi (1963-nji ýylda esaslandyryldy)

Bu gün Bahai dininiň dünýä ýüzündäki ösüşi Bütindünýä Adalat Öýi tarapyndan gönükdirilýär. Hezreti Bahaulla Özüniň kanunlar kitabynda Bütindünýä Adalat Öýüne adamzadyň bagtly ýaşaýyşyna pozitiw goşant goşmagy, bilime, parahatçylyga we hemme taraplaýyn gülläp ösüşe ýardam  bermegi we adamyň  mertebesini hem-de diniň derejesini gorap saklamagy buýurdy.

“Bu Keramatly Resullar älem-jahana baharyň gelşi kimindir…Çünki her bir bahar täze ýaradylşyň wagtydyr…”

— Hezreti Abdul-Baha