HEZRETI BAB

 

(1819–1850)

 

Hezreti Bab Bahai Dininiň Öňünden Aýdyjysy

XIX asyryň ortasynda, dünýä taryhynyň iň hyjuwly döwürleriniň birinde, bir ýaş täjir, adamzat durmuşyny özgertmek ýazgyt edilen taglymaty getirendigini jar edýär. Onuň Watany bolan Eýranda, ahlak taýdan umumy pese düşmek ýagdaýynda, Onuň aýan eden taglymaty müňlerçe tarapdarlary okgunly özüne çekip, jemgyýetiň ähli gatlaklarynda tolgunma we umyt döretdi.  Ol “Bab” adyny kabul edýär. Bu arap dilinden terjime edilende “Derweze” diýmegi aňladýar.

 Onuň ruhy we ahlak taýdan özgerişe çagyryşy, Onuň aýallaryň hem-de mätäçleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga üns bermegi – Onuň ruhy galkynyş babatda eden ýazgydy, hakykatdan-da düýpli öwrülişik bolup durýardy. Şol bir wagtyň özünde, Ol Özüniň aýratyn, özbaşdak Dinini esaslandyryp, yzyna eýerijileri durmuşy özgertmäge we beýik gahrymaçylyklara ruhlandyrdy.

Hezreti Bab, adamzadyň täze eýýamyň bosagasynda durandygyny yglan etdi. Onuň bary-ýogy alty ýyl dowam eden beýik wezipesi – Hezreti Bahaullanyň – ähli dünýä Dinleri tarapyndan  wada edileniň, parahatçylyk we adalatlylyk eýýamynyň başyny başlajak Allanyň Wekiliniň gelmegi üçin ýol taýýarlamakdan ybarat bolup durýardy.

 “Adamzada görmek miýesser eden Onuň durmuşy, batyrlygyň iň bir ajaýyp mysaly bolup durýar…”

  • XIX asyr Fransuz ýazyjysy A.L.M. Nikolya [A.L.M. Nicolas] tarapyndan Hezreti Babyň hatyrasyna