HEZRETI ABDUL-BAHA

 

(1844–1921)

 

Hezreti Abdul-Baha — Kämil Görelde

XX asyryň başynda Hezreti Bahaullanyň uly ogly Hezreti Abdul-Baha Bahai dinine baştutanlyk edip, durmuşy adalatlylygyň tarapdary we bütindünýä parahatçylygyň Ilçisi hökmünde  meşhurlyk gazandy.  

 Öz taglymatynyň esasyny düzýän ýörelgesi hökmünde agzybirligi ündemek bilen, Hezreti Bahaulla Öz dinini beýleki dinleriň ykbalyna duçar bolmakdan gorap saklamak üçin, ýagny  Esaslandyryjylaryň dünýäden ötmegi bilen, sektalara bölünmegiň öňüni almak üçin zerur çäreleri kesgitledi. Öz Ýazgylarynda Hezreti Bahaulla hemmeleriň Öz uly ogly Abdul-Baha, diňe bir Bahai Ýazgylarynyň doly ygtyýarly düşündirijisi hökmünde däl-de, eýsem Dini taglymatynyň ruhunyň we ýörelgeleriniň kämil göreldesi hökmünde ýüzlenmeklerini buýurdy.

 Hezreti Bahaulladan soňra, Hezreti Abdul-Bahanyň beýik häsiýetleri, Onuň bilimi we Onuň adamzada eden gullugy Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň iş ýüzünde aýdyň ýüze çykmasy boldy we bütin dünýä boýunça çalt depginler bilen artýan jemagata uly hormat getirdi. Hezreti Abdul-Baha ömrüni Bahai Dininiň öňe gitmegine, şeýle hem parahatçylyk we agzybirlik ideallarynyň ýaýradylmagyna bagyş etdi. Ol Bahailaryň ýerli dolandyryş institutlarynyň esaslandyrylmagyny höweslendirýärdi we bilim hem-de durmuş-ykdysady çygrynda döreýän taslamalary ugrukdyrýardy.

 Ömürlik bendilikden boşadylandan soňra Abdul-Baha Müsüre, Ýewropa we Demirgazyk Amerika saparlaryň birnäçesini amala aşyrdy. Ömrüniň bütin dowamynda, Ol adaty bolmadyk sadalyk bilen, dürli gatlaklara degişli adamlara jemgyýetiň ruhy we durmuşy täzelenişini özünde jemleýän Hezreti Bahaullanyň nesihatlaryny ýetirýärdi.

 Onuň bilen gürrüňdeş bolan her bir adam, Onuň adatdan daşary hemmetaraplaýyn bilimli adamdygyny, Onuň gürrüňiniň maýyl edijiligini, Onuň adamlaryň aňlaryny  we ruhlaryny  özüne çekijiligini, adamzadyň agzybirligine bolan ynamyna wepalydygyny görýärdi…..    — “Al-Mu’aýýad” Gazeti (Al-Mu’ayyad) gazeti, Müsür, 16-njy otýabr, 1910 ý.