FOTO GALEREÝA

Sungatlar, senetler we ylymlar adamzat barlygyny ýokary göterýärler hem-de onuň beýgelmegine gulluk edýärler. Bilim ynsan durmuşynda ganata çalymdaş, ol onuň ýokary göterilmegine baçgançak bolup hyzmat edýär. Her bir adam bilimlere eýe bolmaly. Emma, söz bilen başlanyp, söz bilen gutarýan  bilimlerde däl-de adamzada haýyr getirýän bilimlerde kämilleşmek gerek…

Hakykatdan, bilim – ynsanyň bahasyna ýetip bolmajak hazynasydyr, şan-şöhradyň, merhemetiň, begenjiň, beýgelmegiň, bagtyň we eşretiň çeşmesidir.(Epistle to the Son of the Wolf (Gurduň Ogluna Ýüzlenme)[1]

Ähli sungat Keramatly Ruhuň peşgeşidir. Haçanda bu ýagtylyk sazandanyň aňyny nurlandyran wagty, ol ajaýyp mukamlarda aýan bolýar.Şeýle hem, şahyryň aňyny açmak bilen, ol täsin şygyrýetde we şahyrana kyssada anyk beýanyny tapýar. Haçanda Hakykat Gününiň Nury  suratkeşiň aňyna ylham getirende, ol ajaýyp suratlary emele getirýär. Haçanda bu  peşgeşler Taňra alkyş göterenlerinde , öz iň beýik maksatlaryny amala aşyrýarlar. (Ledi Blomfild The Chosen Highway (“Saýlanan ýol”))[39]