Oktýabr 2017

Allanyň Şöhradyna baş egýänleriň ählisine .

Gyzgyn söýgä mynasyp dostlar!

Bu halas ediji hakykata biz güwä geçýäris: Allatagala elmydama zemin halklaryny ýatlaýar. Her bir taryhy döwürde bu hakydasyna göz ýetirip bolmaýan Hakykylyk(Reallyk), adamzat ýaradylanlaryň hyzmatdaşlykda bolmaklary we öňe hereket edip bilmekleri üçin, zerur bolan, ahlak we ruhy itergi berip bijlek hukugyna eýe bolan Resuly aýan etmek bilen äleme merhemetiň derwezelerini açýar. Adamzat üçin bu beýik Nurlaryň köpleriniň atlary ýitip gitdi. Ýöne Olaryň käbirleri aňlaýyş ukybyna düýpli üýtgetmeleri girizen, bilim hazynalaryny ýüze çykaran we siwilizasiýanyň ýokary ösmegini ruhlandyryjy hökmünde, geçmişiň taryhynda ýalkym saçýarlar we Olaryň atlaryna bu günlerde-de sarpa goýýarlýar hem-de öwgä mynasyp edýärler. Bu ruhy we sosial hal-ýagdaýlary öňden görüjiler, saýhallylygyň tegmilsiz aýnalarynyň her biri, döwrüň gaýragoýulmaz zerurlyklaryna jogap berýän esaslary we hakykatlary öňe sürüpdir. Häzirki döwürde ýer ýüzi derwaýys çagyryşlara duçar bolýanlygy sebäpli, 200 ýyl mundan öň dünýä inen Hezreti Bahaullanyň, şeýle Şahsyýet bolandygyny — hakykatdan bolsa Ol, Kimiň Taglymaty, geçmişde ýazgyt edilen- ähli adamzat wekilleriniň parahatlykda we agzybirlikde ýanma-ýan ýaşajak zamanyň gelmeginiň başlagyjynyň esasyny ykrar edendigini, biz yglan edýäris.

Ony ýaşlyk ýyllaryndan tanaýanlar, Onyň takdyry kesgitlenen diýip, hasaplaýardylar. Edepli häsiýet we adatdan daşary paýhas bilen ýalkanan, ol misli asman mähriniň nuruna çaýylan ýalydy. Ýöne muňa garamazdanOny kyrk ýylyň dowamynda azap çekmäge mejbur etdiler, bu zatlaryň üstini, yzly-yzyna sürgün edilmegi we iki zalym hökümdaryň buýrugy boýunça zyndana gabalmagy bilen doldurmak bolar; Onuň adyny garalamaga we Onuň tarapdarlaryny günäkärlemäge gönükdirilen kompaniýalary; Onuň Şahsyýetine garşy edilen zulumy; Ony janyndan mahrum etmek üçin edilen aýyp synanyşyklary- bu zatlaryň ählisini adamzada bolan çäksis söýgüsi sebäpli, Ol meýletin ýalkym saçýan ruh we çydamlylykÖz ezýet berijilerine rehimdarlylyk bilen çekdi. Hatda, haçanda Ony eýelik edýän bar mülkünden mahrum edenlerinde-de, bu Ony rahatsyzlandyrmady. Synlaýjyda şeýle sorag ýüze çykmagy mümkin:
Näme sebäpden Ol, Kimiň özgelere söýgüsi çäksiz kämil bolan, ähli tarapdan alanyňda köpleriň öwgisine we tarypyna mynasyp bolan, Öz mähirli ýüregi we beýik niýetleri esasynda söhrat gazanan we hökümdarlyk etmek syýasatynyň haýsydyr bir görnüşine dalaş etmekden ýüz öwüren, şeýle duşmançylyk üçin nyşan bolmaly ? Şüzbhesiz, taryhy kanunalaýyklyklar bilen tanyş bolan islendik adam, Onyň ýowuz synaglarynyň sebäbini ýalňyşman kesgitläp biler. Dünýäde pygamberlik wekilligini göterýän şahsyýetiň aýan bolmagy, häkimiýeti saklaýanlar tarapyndan üýtgewsiz ýowuz gapma-garşylyga getiripdir. Emma hakykat nuryny öçürmek mümkin däl. Şol sebäpden bu Ylahy Yaradylanlarda biz pidakärlik,gahrymanlyk we her ýagdaýda Olaryň sözlerini tassyklaýan işlerini görýäris. Hezreti Bahaullanyň ýaşan ömrüniň her tapgyrynda bu açyk görünýär. Başyna gelen her belalara garamazdan, Ol hiç haçan dymyp gezmeýär we Onuň sözleri erk edip bolmaýanöz gudratyny saklapdyrlar — düşgürlilik bilen aýdylan sözler; dünýäniň hassalygyny kesgitleýän we şypa beriji melhem teklip edýän sözler; özünde adalatlyk gudratyny saklaýan sözler, dünýä şalaryna we hökümdarlaryna ahyry soňy olary tagtlaryndan agdarjak güýçler barada duýduryş berýän sözler; ruhy belende göterýän, ony özüne maýyl edýän we özgerdýän oňa hantamalyk islegleriň tikenlerinden azat bolmaga töwekgellik berýän sözler; we “Bu Men tarapdan däl, emma Alla tarapyndan” – diýip, aýdylan arassaözüne çekiji we labyzly sözlerdir. Şular ýaly ömri öwreneniňde: eger bu Alla tarapyndan bolmasa,onda näme zat Ondan?- diýen,sorag peýda bolmaýarmy eýsem.
Tutuş taryhyň dowamynda dünýä ýüzüne ýagtylyk getirýän Kämil Terbiýeçiler,mukaddes sözleri miras goýupdyrlar. Hezreti Bahaullanyň galamyndan derýa kimin akýan sözleriň arasynda mukdaryny ölçäp bolmaýan we belent häsiýetli peşgeşler bar. Onyň Taglymaty bilen tanyş bolýan adamyň, ilki bilen gözellikde taýy bolmadyk, ruhyň öz Ýaradanyna gerekli derejede ybadat etmekde tagallasyny gandyrýan dogalara seslenýändigiseýrek däldir. Hezreti Bahaullanyň sözleriniň ummanynyň düýbinde, adamzat ruhunyň hakyky maksadyna laýyk gelmeýän pany isleg hyýallaryň zulumyndan azat etmek üçin, gaýragoýulmaz kanunlar we ahlak talaplar aýan bolýarlar. Şeýle hem, bu ýerde ýitip gitmejek ideallar aýan bolýarlar, olaryň esasynda ene-atalar çagalaryny diňe bir özlerine kybapdaş edip terbiýelemek bilen çäklenmän, eýsem-de has ýokary maksatly bolmaklaryny ösdürip ýetişdirip bilerler. Şeýle hem düşündirişler bar,olar adamzat taryhynyň çylşyrymly ýolundataýpa we millet bolup ýaşamaklyk derejesinden birligiň ýokary formasyna geçmeklikde, Hudaýyň golunyň hereketini görkezýärler. Dünýäniň dürli dinlerini ýeke-täk esaslandyryjy hakykaty aýan edýänler hökmünde peýda bolýarlar, özara umumy bir çeşmä bagly bolup,olaryň umumy maksady — adamzat nesliniň içki durmuşyny we daşky şertlerini özgertmekden ybaratdyr. Hezreti Bahaullanyň Taglymaty, adamzat ruhunyň asylzadadygyna şaýatlyk edýär. Onuň öňden görýän jemgyýeti, bu asylzadalyga mynasypdyr we ol özüni goraýan we berkidýän prinsipler esasynda gurulandyr. Ol, adamzat maşgalasynyň birligini-kollektiwleýin ýaşaýyşyň merkezinde goýýar; aýal-erkekleriň deňhukuklylygyny ikuçsyz ykrar edýär. Ilki bada syn edeniňde häzirki zamanyň duşmançylyk edýän ýaly bolup görünýän güýçlerini: dini we ylymy, birligi we dürli-dürliligi, erkinligi we düzgünişahsy hukugy we sosial borçlary,Ol ylalaşdyrýar. Onuň iň beýik peşgeşleriniň arasynda, ähli halklaryň ösüşi we öňe gidişi bilen aladalanýan institutlarda durmuşa geçirilýän-Adalatdyr. Onuň aýtmagyna görä,Ol “Hudaýyň Mukaddes Kitabynyň sahypalaryndan, adamzat perzentleriniň arasynda dawanyň,gahar-gazabyň we agzalalygyň çeşmesi bolup durýan, ähli zatlary öçürdi”, onuň bilen bir wagtda “ylalaşygyň, düşünişmegiň, doly we ygtybarly birligiň düýpli salgylanmalarynyň esasyny tutdy”. Bu peşgeşlere mynasyp seslenme nähili bolmalydygy barada sorag ýüze çykmaýarmy eýsem ?
“Her bir gözleýjiniň borjy- galkynmak we bu ummanyň kenaryna ýetmek üçin tagalla etmek”-diýip,Hezreti Bahaulla aýdýar. Asyrlar boýy bir-biriniň ornuna gelen Resullaryň getiren ruhy taglymatlarynyň aýanlygy, dini gurluşlarda amala aşyryldy, wagtyň geçmegi bilen olar medeniýetiň taraplary bilen garyşdylar we adam tarapyndan oýlanyp tapylan hökmany kanunlar tarapyndan kynçylyk çekdiler. Emma bu zatlaryň ýokarsyndan seretseňiz, hakyky taglymatlaryň- ählumumy gymmatlyklaryň çeşmesi bolup durýandyklaryny we olaryň kömegi arkaly dünýäniň dürli halklarynyň bir umumy işe eýe bolandyklaryny hem-de olaryň adamzat aňynyň ahlaklylygyny düzendiklerini görersiňiz. Häzirki zamanyň jemgyýetinde diniň abraýy mese-mälim zyýan çekdi we onuň sebäbi düşnükli. Eger-de diniň hatyrasy üçin, ýigrenç we gapma-garşylyk öňe sürülýän bolsalar,onda dinsiz ýaşanyň gowydyr. Emma muňa garamazdan, hakyky din öz miweleri bilen tanalýar- onuň ruhlandyrmak, özgertmek,birleşdirmek,parahatlygy we oňat hal-ýagdaýy öňe sürmek ukyplary boýunça tanalýar . Ol ylym we sagdyn dogry pikir bilen ylalaşykda bolýar. We ol sosial öňe ösüşlik üçin durmuş taýdan öran wajypdyr. Hezreti Bahaullanyň dini, maslahat etmegiň esasynda adamda we jemgyýetde düzgün-tertipli hereketi ösdürýär, oňa minnetdarlykda jemgyýetiň abadanlaşmagy üçin alnyp barylýan işleriň has netijeli usullary babatynda aýdyň pikirler kem-kemden toplanýar. Syýasy hileler, pitne, belli bir toparlary garalamak ýa-da açyk dawalar arkaly syýasy-durmuşyň özgerdilmegi üçin amala aşyrylýan synanyşyklary, Hezreti Bahaulla ýazgarýar, çünki bu zatlaryň ählisi söweş tapgyrlaryny ebedileşdirýär, şol sebäpli tutanýerli çözgütler elmydama duşdan geçýärler. Ol düýpden üýtgeşik gurallaryň bähbidini araýar. Ol haýyrly işlere,ýakymly sözlere we edep-ekramly häsiýetli bolmaga çagyrýar; Ol özgelere gulluk etmegi we özara hyzmatdaşlygy buýurýar. Ol, her bir adamzat maşgalasynyň agzasyny ylahy taglymat esasynda berkarar edilýän,bütindünýa siwilizasiýasyny amala aşyrmaga çagyrýar. Onuň gözýetiminiň giňligini anyklanyňda: eger-de adamzat hakykatdan-da, geljege umydy bu zatlaryň esasynda gurup bilmese,onda nämä esaslanyp gurup bilerkä? — diýilen sorag ýüze çykmaýarmy eýsem.
Her bir ýurtda kim, Hezreti Bahaullanyň ýüzlenmesine çekilen we Onuň gözýetimine ynanan bolsa, olar Onuň taglymatynyň esaslarynynähili usulda durmuşa geçerip boljagy barada yzygiderli öwrenýärler. Köp sanly ýaşlar toparlaryözleriniň ruhy esaslaryna has güýçli aň ýetirýärler we öz gujur-gaýratlaryny jemgyýetiň öňe ösmegine gönükdirýärler. Dürli gözýetimli adamlar, jedellere we abraýly hasap edilýän şahsyýetlere bagly bolmagyň dereginemaslahat etmegi we meseleleri köpçülikleýin çözmegiň usullaryny özleri üçin açýklaýarlar. Dünýäde bar bolan ähli jynslara,dinlere,milletlere we klaslara degişli bolan ruhlar,haçanda olar — bir halk we ýer ýüzi –bir döwlet diýilen, gözýetiminiň daşynda birleşýärler. Uzak wagtyň dowamynda hasrat çekenleriň köpüsi,öz hususy seslerine eýe bolýarlar we öz hususy ösüşleriniň ýardamçysy hem-de ugur tapyjy we çydamly bolýarlar. Hakykatdan-da ýer ýüzünde Ylahy Şalyk adyna mynasyp boljak, birleşen we gülläp ösýän dünýäniň berkarar bolmagynyň hatyrasy üçin, bilelikde wepaly zähmet çekýän institutlarjemgyýetler we ynsanlarobalarda, goňşuçylyklarda,uly we kiçi şäherlerde peýda bolýarlar. Hezreti Bahaullanyň dünýä inmeginiň bu 200 ýyllyk Baýramy mynasybetli, köpler bu kärhananyň agzasy hökmünde, daş-töwerekdäki ynsanlara ýönekeý çakylyklary hödürleýärler: Ol Kim bolupdyr we Ol, Özi bilen nämäni nyşanlandyrypdyr, bulary öwrenmek mümkinçiliginden peýdalanyň. Onuň görkezen şypa beriji melhemini duýuň. Hezreti Bahaullanyň gelmegi, üstüne köp sanly howplar abanýan adamzat nesliniň unudylmandygyna dogry şaýatlyk edýär. Haçanda bütindünýäde hoşniýetli adamlaryň öz umumy watanlarynda üstlerine abanýan kynçylyklara jogap almak niýeti bilen uzak wagtyň dowamynda, Allany çagyryp doga-dileg edenlerinde, ahyrsoňy olaryň dogalaryna Onuň jogap bermegi, bu täsinmi eýsem?

[gol çekilen: Bütindünýä Adalat Öýi]

Скачать послание "Всемирного Дома Справедливости"