BÜTINDÜNÝÄ ADALAT ÖÝI

gurulan 1963 ý.

Bütindünýä Adalat Öýi

Bütindünýä Adalat Öýi – Bahai Dininiň halkara dolandyryş geňeşidir. Hezreti Bahaulla bu institutyň döredilmegini Özüniň Kitab-y-Agdas atly kanunlar kitabynda buýurdy.

Bütindünýä Adalat Öýi – bu Bahailaryň ähli milli ruhany ýygnaklarynyň agzalary tarapyndan her bäş ýyldan saýlanylýan dokuz adamdan ybarat edaradyr. Hezreti Bahaulla Bütindünýä Adalat Öýüne adamzadyň bagtly ýaşaýyşyna pozitiw goşant goşmak, bilime, parahatçylyga we hemme taraplaýyn gülläp ösüşe ýardam bermek we adamyň mertebesini hem-de diniň derejesini gorap saklamak üçin ylahy güýjini berdi. Oňa Bahai Taglymatyny üznüksiz özgerýän jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda ulanmak jogapkärçiligi tabşyryldy. Şeýlelik-de, bu edara Bahai Dininiň Mukaddes Ýazgylarynda takyk aýdyňlaşdyrylmadyk meseleler boýunça kanunlary kabul etmek ygtyýarlygyna eýedir.

 Bütindünýä Adalat Öýi 1963-nji ýylda ýagny, özüniň ilkinji gezek saýlanan wagtyndan bäri dünýäniň Bahai jemagatlarynyň gülläp ösýän global siwilizasiýasynyň gurluşyna gatnaşmak ukybyny ösdürmäge gönükdirýär. Bütindünýä Adalat Öýi tarapyndan teklip edilýän gönükdirmeler, Bahai jemagatyna Hezreti Bahaullanyň ählumumy parahatçylyk baradaky garaýyşlaryny durmuşa geçirmegi öwrendigi saýy, pikirleriň we işleriň bitewiligini üpjün edýär.

 “Her bir günüň öz aladasy, her bir aladanyň bolsa degişli çözgüdi bar bolandygy sebäpli, döwrüň hajatlaryna we talaplaryna laýyklykda hereket etmek bilen bagly bolan şeýle işler  Adalat Öýüniň Gönükdirijilerine ynanylýar”. — Hezreti Bahaulla