BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

Websahypanyň bu bölüminiň maksady – Ruhuň Ömri, Alla we Onuň Ýaradany, Esasy özara gatnaşyklar we Ählumumy parahatçylyk düşünjeleriň birnäçesiniň çäginde, bahaýylaryň esasy ynamlary bilen tanyşdyrmak.

Taryhyň ähli döwürlerinde Allatagala adamzada, ýagny bize Hudaýyň Aýan edenleri atlary bilen belli bolan, Ylahy Halypalary yzygiderli iberýär. Olaryň taglymatlary siwilizasiýanyň ösüşiniň esasyny düzýärler. Olar: Ybraýym, Krishna, Zoroastr, Musa, Budda, Isa we Muhammet Pygamberler. Döwri boýunça ol Resullaryň iň soňkysy bolan Hezreti Bahulla, bu dinleriň hemmesiniň bir çeşmeden gelip çykýandygyny hem-de aslynda Hudaýyň ýeke-täk Dininiň yzygiderli tapgyrlary bolup durýandygyny düşündirýär.

Bahailar, geljekki jemgyýet, hem-de durmuşyň tebigaty we maksady babatda bir bütewi garaýyşy gazanmagyň juda zerurdygyna ynanýarlar. Şeýle garaýyş Hezreti Bahaullanyň ýazgylarynda aýan edilýär.

Dünýädäki müňlerçe ülkelerde, aýratyn adamlar we tutuş jemagatlar öz durmuşlaryny gowulandyrmaga we siwilizasiýanyň öňe gitmegine öz goşantlaryny goşmaga ymtyldygy saýy, Bahai dininiň taglymaty bilen ylhamlanýarlar. Bahai taglymatynda Allanyň we diniň birligi, adamzadyň agzybirligi, ters düşünjelerden azatlyk, ynsana mahsus bolan sap ýüreklilik, dini hakykatyň öňe gidýän açyşy, ruhy häsiýetiň ösüşi, tagzym etmegiň we gulluk etmegiň bitewiligi, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, ylmyň we diniň ylalaşygy, ynsanyň ähli çygyrdaky işlerinde adalatlylygyň eýeleýän merkezi orny, bilimiň wajyplygy hem-de adamzadyň özüniň köpçülikleýin kämmiligine tarap öňe gidişinde, adamlary, jemagatlary we institutlary birleşdirip biljek özara gatnaşyklaryň ösüşiniň barşy ýaly wajyp düşünjeler agzalyp geçilýär.

Websahypanyň bu bölüminiň maksady – Ruhuň Ömri, Alla we Onuň Ýaradany, Esasy özara gatnaşyklar we Ählumumy parahatçylyk ýaly düşünjeleriň birnäçesiniň çäginde, bahailaryň esasy ynamlary bilen tanyşdyrmak. Mundan başgada, Hezreti Bahaulla we Onuň Wesýeti bölüminde, Bahai dininiň döreýşi barada maglumat,  şeýle hem Hezreti Babyň, Hezreti Bahaullanyň, Hezreti Abdul-Bahanyň  we Şogi Effendiniň gysgaça ömür beýanlary görkezilen. Ol Bütindünýä Adalat Öýi —  Hezreti Bahaulla tarapyndan esaslandyrylmagy buýrulan institut baradaky maglumaty hem öz içine alýar. Bu gün  dünýäniň bahai jemagaty Bahai taglymatyny ulanmak prosesinde ýolbaşçylyk üçin Bütindünýä Adalat Öýüne ýüz tutýar.

Hezreti Bahaulla we Onuň Wesýeti    

Bu Keramatly Resullar älem-jahana baharyň gelşi kimindir…Çünki her bir bahar täze ýaradylşyň wagtydyr…”  

Bahai Dini Alla tarapyndan, Onuň iki Dini Wekiline – Hezreti Baba we Bahaulla ynanylan beýik wezipeden başlanandyr. Bu gün Olaryň esaslandyran Dinine mahsus bolan agzybirlik, Hezreti Bahaulladan soň, Onuň özi tarapyndan berlen hem-de ýolbaşçylygyň dowamatyny üpjün edýän, anyk görkezmelerinden gelip çykýar. Wesýet diýip atlandyrylýan bu yzygiderlilik, Hezreti Bahaulladan onuň ogly Abdul-Baha, soňra Abdul-Bahadan Onuň agtygy Şogi Effendä we Bahaulla tarapyndan wesýet edilen Bütindünýä Adalat Öýüne geçýär. Bahailar Hezreti Babyň we Bahaullanyň, şeýle hem olaryň bellän mirasdüşerleriniň Dini ygtyýarlyklaryny ykrar edýärler.

Taglymatyň käbir ýörelgeleri

Biziň hemmämiziň bir umumy adamzat maşgalasyna degişlidigimiz baradaky düşünje Bahai dininiň özenidir. Adamzadyň bir bitewidigi baradaky ýörelge – bu “töwereginde Hezreti Bahaullanyň taglymatynyň ýörelgeleri jemlenen merkezdir…”.

Hezreti Bahaulla adamlaryň dünýäsini adamyň bedeni bilen deňeşdirýär. Bu bedende görnüşi we ýerine ýetirýän wezipesi boýunça dürli-dürli bolan millionlarça öýjükleriň her biri sagdyn ulgamy saklamakda öz işini ýerine ýetirýärler. Bedeniň sazlaşykly işlemegini üpjün edýän ýörelge – hyzmatdaşlykdyr. Bedeniň dürli bölekleri zerur bolan serişdeler ugrunda bäsleşmän, eýsem öýjükleriň her biri başdan-aýak bermekden we almakdan ybarat bolan üznüksiz prosese gatnaşýarlar. Adamzadyň agzybirligini ykrar etmek üçin, ters düşünjeleri ýagny, teniň reňki, dini we jynsy tapawutlyklar bilen bagly bolan pikirleri dolulygyna aradan aýyrmak zerurdyr.

Eý siz ynsan perzentleri!  Hudaýyň Dininiň we Onuň Taglymatynyň esasyna guýlan baş niýet, adamzat nesliniň bähbidini goramakdan we onuň birligini berkitmekden, ynsanlar arasynda söýgi we doganlyk ruhunyň ýaýramagyndan ybaratdyr… Bu esasda berkarar edilen ähli zady, durmuş üýtgemeleri we kysmat öwrülişigi hiç wagt gowşadyp bilmez,  bu desgany tükeniksiz asyrlaryň özgerişleri tapdan düşürmez.

 Hezreti Bahaulla