BAHAI TAGLYMATY

“Ol Kim, siziň Taňryňyz bolan, Iň Merhemetli, adamzat nesliniň bir ruh we bir ten ýaly bolmagyny  öz ýüreginde arzuw edýär”.  -Hezreti Bahaulla

Dünýädäki müňlerçe ülkelerde, aýratyn adamlar we tutuş jemagatlar öz durmuşlaryny gowulandyrmaga we siwilizasiýanyň öňe gitmegine öz goşantlaryny goşmaga ymtyldygy saýy, Bahai dininiň taglymaty bilen ylhamlanýarlar. Bahai taglymatynda Allanyň we diniň birligi, adamzadyň agzybirligi, ters düşünjelerden azatlyk, ynsana mahsus bolan sap ýüreklilik, dini hakykatyň öňe gidýän açyşy, ruhy häsiýetiň ösüşi, tagzym etmegiň we gulluk etmegiň bitewiligi, aýallaryň we erkekleriň deň hukuklylygy, ylmyň we diniň ylalaşygy, ynsanyň ähli çygyrdaky işlerinde adalatyň eýeleýän merkezi orny, bilimiň wajyplygy hem-de adamzadyň özüniň köpçülikleýin kämmiligine tarap öňe gidişinde, adamlary, jemagatlary we institutlary birleşdirip biljek özara gatnaşyklaryň ösüşiniň barşy ýaly wajyp düşünjeler agzalyp geçilýär.

Websahypanyň bu bölüminiň maksady – Ruhuň Ömri, Alla we Onuň Ýaradany, Esasy özara gatnaşyklar we Ählumumy parahatçylyk düşünjeleriniň birnäçesiniň çäginde, bahailaryň esasy ynamlary bilen tanyşdyrmak. Mundan başgada, Hezreti Bahaulla we Onuň Wesýeti bölüminde, Bahai dininiň döreýşi barada maglumat,  şeýle hem Hezreti Babyň, Hezreti Bahaullanyň, Hezreti Abdul-Bahanyň  we Şogi Effendiniň gysgaça ömür beýanlary görkezilen. Ol Bütindünýä Adalat Öýi —  Hezreti Bahaulla tarapyndan esaslandyrylmagy buýrulan institut baradaky maglumaty hem öz içine alýar. Bu gün  dünýäniň bahai jemagaty Bahai taglymatyny ulanmak prosesinde ýolbaşçylyk üçin Bütindünýä Adalat Öýüne ýüz tutýar.

Bahailaryň nämä ynanýandygyna has doly düşünmek üçin, Maglumat beriji bahai kitaphanasynyň sahypasyna giriň. Bu sahypada siz Hezreti Babyň, Hezreti Bahaullanyň we Hezreti Abdul-Bahanyň Ýazgylaryny, şol sanda Şogi Effendiniň ýazan  işlerini we Bütindünýä Adalat Öýüniň hatlarynyň we habarlarynyň saýlanan  ýygyndysyny okap bilersiňiz.

DINIŇ ASYL MAKSADY

DINIŇ ASYL MAKSADY

“Hudaý adamlara öz Resullaryny iki niýet bilen iberýär. Birinjiden– adamzat perzentlerini nadanlygyň tümlüginden azat etmek hem-de olary hakyky akyl ýetirişiň  ýagtylygyna gönükdirmek. Ikinjiden bolsa, adamzat üçin parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge we dikeltmäge...

BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

Websahypanyň bu bölüminiň maksady – Ruhuň Ömri, Alla we Onuň Ýaradany, Esasy özara gatnaşyklar we Ählumumy parahatçylyk düşünjeleriň birnäçesiniň çäginde, bahaýylaryň esasy ynamlary bilen tanyşdyrmak. Taryhyň ähli döwürlerinde Allatagala adamzada, ýagny bize Hudaýyň...

TAGZYM ETMEK WE GULLUK ETMEK

TAGZYM ETMEK WE GULLUK ETMEK

Maşrygül-Azkar: tagzym etmegiň we gulluk etmegiň bitewiligi Tagzym etmekligiň we gulluk etmekligiň aýrylmazlygy – bu, hut Hezreti Bahaullanyň ýazgyt eden Maşrygül-Azkar (“Allanyň tarypynyň dogýan ýeri” – diýlip terjime edilýär) institutynda jemlenip,   bahailaryň...

JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

MADDY WE RUHY SIWILIZASIÝANYŇ ÖŇE GITMEGI UGRUNDA  BEÝLEKILER BILEN BILELIKDE IŞ ALYP BARMAK Bahaulla Öz tarapdarlaryna şeýle sargyt etdi: “Ýaşaýan asyryňyzda bu asyryň hajatlary barada tüýs ýürekden  alada ediň, goý, bu asyryň talaplary we islegleri siziň pikir...