Birligiň çadyry berkarar edildi; bir-biriňizi keseki saýmaň. Siz- bir bagyň miweleri hem-de bir şahanyň ýapraklarysyňyz.

                                                                                                                  — Hezreti Bahaulla

BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

DINIŇ ASYL MAKSADY

DINIŇ ASYL MAKSADY

“Hudaý adamlara öz Resullaryny iki niýet bilen iberýär. Birinjiden– adamzat perzentlerini nadanlygyň tümlüginden azat etmek hem-de olary hakyky akyl ýetirişiň  ýagtylygyna gönükdirmek. Ikinjiden bolsa, adamzat üçin parahatçylygy we asudalygy üpjün etmäge we dikeltmäge...

BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

BAHAÝYLAR NÄMÄ YNANÝAR

Websahypanyň bu bölüminiň maksady – Ruhuň Ömri, Alla we Onuň Ýaradany, Esasy özara gatnaşyklar we Ählumumy parahatçylyk düşünjeleriň birnäçesiniň çäginde, bahaýylaryň esasy ynamlary bilen tanyşdyrmak. Taryhyň ähli döwürlerinde Allatagala adamzada, ýagny bize Hudaýyň...

TAGZYM ETMEK WE GULLUK ETMEK

TAGZYM ETMEK WE GULLUK ETMEK

Maşrygül-Azkar: tagzym etmegiň we gulluk etmegiň bitewiligi Tagzym etmekligiň we gulluk etmekligiň aýrylmazlygy – bu, hut Hezreti Bahaullanyň ýazgyt eden Maşrygül-Azkar (“Allanyň tarypynyň dogýan ýeri” – diýlip terjime edilýär) institutynda jemlenip,   bahailaryň...

JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

JEMGYÝETIŇ DURMUŞYNA GATNAŞMAK

MADDY WE RUHY SIWILIZASIÝANYŇ ÖŇE GITMEGI UGRUNDA  BEÝLEKILER BILEN BILELIKDE IŞ ALYP BARMAK Bahaulla Öz tarapdarlaryna şeýle sargyt etdi: “Ýaşaýan asyryňyzda bu asyryň hajatlary barada tüýs ýürekden  alada ediň, goý, bu asyryň talaplary we islegleri siziň pikir...

TÜRKMENISTANDA BAHAÝY JEMAGATY

Türkmenistanda Bahaýy dini öz taryhyny XIX asyryň 80-nji ýyllarynda Persiýadan Aşgabada göçüp gelen dindarlaryň wepaly toparyndan alyp gaýdýar. Ilkibaşda maşgalalaryň uly bolmadyk toparyna başgalar hem goşulyp, birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda dindarlaryň sany birnäçe muňe ýetdi. Bu dindarlar özleriniň ähli gujur-gaýratlaryny Allanyň Aýan edeni bolan Hezreti Bahaulla tarapyndan açylan belent ruhy we durmuşy ýörelgeleri şöhlelendirýän durmuş nusgasyny döretmäge gönükdirdiler. Bu maksatda birleşip, Aşgabadyň bahaýy jemagaty dostluk we wepalylyk duýgularynyň berkligi bilen tapawutlanýardy. Bu bolsa, oňa agzybirligiň we ösüşiň ýokary derejesini gazanmagyna eltip,

GIŇIŞLEÝIN

KITAPHANASY

Bu özgeriş döwründe Bahai älemine öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin üç gahrymanyň her biriniň tebigatyny jikme-jik öwrenmegi(derňemek) gerek. Adamzat jynsynyň ykbalynda şeýle wajyp roly oýnamaly ol aýratyn dindaryň, ol jemgyýetiň we ol institutyň häsiýetleriniň aýratynlyklary...

FOTO GALEREÝA

Sungatlar, senetler we ylymlar adamzat barlygyny ýokary göterýärler hem-de onuň beýgelmegine gulluk edýärler. Bilim ynsan durmuşynda ganata çalymdaş, ol onuň ýokary göterilmegine baçgançak bolup hyzmat edýär. Her bir adam bilimlere eýe bolmaly. Emma, söz...

WIDEO RESURSLAR

...ylahy taglymatlara laýyklykda ylymlara eýe bolmak we sungatlarda kämillik gazanmak, doga etmek bilen deň görülýär. Haçanda adam ylyma eýe bolmak ýa-da sungatda beýik gerişleri gazanmak üçin yhlas bilen tagalla eden wagty, bu onuň buthanalarda we...

AUDIO RESURSLAR

Biz size aýdym-saz diňlemäge rugsat berdik. Emma seresap boluň, çünki bu sizi edepliligiň we asylzadalygyň çäginden geçmäge mejbur etmesin. Goý siziň şatlygyňyz Ol Adyň, Hudaýa ýüzlenýän ýürekleri haýran galdyrýan we hemmäniň aňyny uly şatlyk bilen...

HEZRETI BAHAULLANYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 200 ÝYLLYGY

Bütin dünýäde millionlarça adam Hezreti Bahaullanyň ömri we taglymaty bilen ruhlanyp, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ne we 22-ne Onuň doglan gününiň 200 ýyllygyny belläp geçýär.

Hezreti Bahaulla  1817-nji ýylda Tähran şäherinde dünýä inýär. Iki asyr geçensoň, Onuň doglan güni, Onuň Aýan Eden Taglymaty üçin ýol taýýarlan, Persiýada ulanyşda bolan senenama laýyklykda, 1819-njy ýylda Hezreti Bahaullanyň doglan gününiň öňündäki gün dünýä inen Hezreti Babyň doglan güni bilen bilelikde, tutuş dünýä ýüzünde bellenilýär. Bahaýylar öz dostlary bilen birlikde, bu iki Mukaddes Doglan Günleri her ýyl bir bitewi baýram  hökmünde belläp geçýärler. Bu baýramda, olar bu iki Ylahy Nurlaryň bir-biri bilen berk baglanyşykly bolan ömürlerini we wezipelerini ýatlaýarlar.

BAHAI.TM SAÝTDA GÖRMEKBAHAI.ORG SAÝTDA GÖRMEK