BAHAI JEMAGATY ŞU GÜN

BAHAI JEMAGATY ŞU GÜN

Türkmenistanda Bahai Dini ilkinji gezek geçen asyryň başynda ornaşyp başlady. Bu gün bütin ýurt boýunça adamlaryň artýan sany Hezreti Bahaullanyň Taglymatyndan ylham alýarlar we onuň ýolbaşçylygyna eýerýärler. Bu ýerde, Bahai jemgyýetiniň agzalary jemgyýetiň ösmegine we hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna ýardam bermek üçin özleriniň goňşulary we dostlary bilen bilelikde iş alyp barýarlar. Şäherlerde we obalarda, gelip çykyşy, synpy we ýaşy dürli-dürli bolan adamlar, ruhy, durmuşy we bilim ugurlary boýunça işiň dürli görnüşlerine gatnaşýarlar.

 “Bu Gün Allanyň iň belent  merhemetleriniň  adamlara  eçilen Günüdir, ähli ýaradylanlaryň Onuň iň beýik eşretine beslenen Günüdir“  – Hezreti Bahaulla

Türkmenistanda jemgyýetiň hem ruhy, hem-de maddy ugurdaky bähbitlerine hyzmat edýän jemagaty gurmak boýunça işleriň köpdürli görnüşleri alnyp barylýar.

Bu alnyp barylýan işleriň görnüşleri adamzadyň agzybirligi, ählumumy bilimiň zerurlygy we ters düşünjeleleriň ähli görnüşlerini ýok etmek ýaly ýörelgelerden ylham alýarlar. Bahailar we olaryň dostlarynyň  sanynyň ösmegi ruhy temalary öwrenmek we olar barada pikir alyşmak  üçin  mümkinçilik berip, dogalary we Mukaddes Ýazgylary okamak arkaly, bilelikde Alla ýüzlenmek üçin duşuşyklary guraýarlar hem-de çagalaryň we ýaşlaryň ahlak terbiýesi barada alada edýärler.